Adam tebigatda dogulýar, ýaşaýar we kemala gelýär. «Toprak her bir janlyjandaryň ösüşi üçin iň esasy serişdedir. Onuň içinde ýaşaýyş üçin ähli zerur maddalar bar» diýýän Lukman Hekim hem ýaşaýyş üçin ähli gymmatlyklaryň tebigatdan alynýandygyny nygtaýar. Adam ähli barlyklaryny tebigatdan alýar.
Pederlerimiz jandarlaryňdyr guşlaryň, Günüňdir ýyldyzlaryň hereketinden hem howanyň nähili boljakdygyny, pasyllaryň nähili geljekdigini anyklamagy başarypdyrlar. Mysal üçin, awgustyň aýagyna, sentýabryň başyna durnalar göç ýasap başlasa, onda güýzüň sowuk, gyşyň uzak boljakdygyny, asmanda ýyldyzlar seýrek görünse, ertesi howanyň bulaşjakdygyny bilipdirler.
Geçmişde «Bag eken baky ýalkanar», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bagekeniňki, ýapçekeniňki», «Bag-barsyz bolmaz, attimarsyz», «Saýanyekmedik, salkynda ýatmaz», «Ýüz agaç eken oduna gitmez» diýen ýaly tebigat bilen baglanyşykly nakyllary döreden türkmen halky, häzirki döwürde hem tebigata aýawly çemeleşip, onuň maddy barlyklaryny geljek nesillere ýetirmekde uly tagallalar edýär.
2014nji ýylda kabul edilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolsa, tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologiýa ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Milli kanunçylygymyzda «Türkmenistanyň Tokaý kodeksi», «Türkmenistanyň Suw kodeksi» ýaly möhüm hukuk resminamalarymyz bilen birlikde «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Galyndylar hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Ösümlikleriň karantini hakynda» Türkmenistanyň kanunlary ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny goramaga, üznüksiz köpelmegine we peýdalanmak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirmäge we ýaşaýan tebigy gurşawynyň şertlerinde olaryň aýalyp saklanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Mundan başgada ýurdumyz BMGniň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň, Çölleşmäge garşy göreş, Biologik dürlülik, Ozon gatlagyny goramak, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna we çykarylyşyna gözegçilik etmek baradaky konwensiýalaryň we beýleki köpsanly halkara ylalaşyklaryň çäklerinde ekologiýa meselelerini çözmek babatda möhüm ähmiýeti bolan maksatnamalary durmuşa geçirýär.
Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirmek hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy we Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralary bilen birlikde, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly halkara guramalar işjeň hyzmatdaşlykda bolup, ählumumy meseleleri çözmekde möhüm tagallalary durmuşa geçirýär.
Ýurdumyzda ekologiýa diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarysag, işleri rowaç, döwletli tutumlary hemişe üstünliklere beslensin!
Orazgeldi SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak
we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.