Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

GÖZELLIGE BESLENÝÄN AŞGABAT

 

     Häzirki ajaýyp döwrümizde paýtagtymyzyň özgerýän gözel keşbi ýurdumyzyň beýik ösüşlere beslenýändiginden habar berýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasynyň netijesinde binagärlik we gurluşyk pudagy hem mynasyp ösdürilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzda gurlup ulanmaga berilýän ýaşaýyş jaýlary halk bähbitli işleriň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär.Ýurdumyzda gurluşyk senagatyny ösdürmek, halk bähbitli medeni we durmuş desgalaryny gurup ulanmaga bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda bu möhüm ulgamyň okgunly ýokary göterilmegini, ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş we medeni ulgamynyň gurluşyklarynyň artdyrylmagyny şertlendirýär.

     Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30­ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem eziz paýtagtymyz Aşgabat şäheri ajaýyp keşbe eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» futbol toparynyň abraýly halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasyna geçirmek hakynda haýyşlary her bir ynsanda buýsanç döretdi. Bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara gelinmegi bolsa ähli ildeşlerimizi buýsandyrdy. Munuň özi röwşen geljegimiz bolan çagalarymyzyň aladasydyr.

     Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30­ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralarda hem ýurdumyzyň ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny görmek bolýar. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň bütin dünýä ýaň saljak şanly 30­ýyllygy mynasybetli durmuşa geçiriljek beýik işler, halkymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň baş 

hünärmeni.

21.05.2025 Giňişleýin

Фундамент общества и государства

 

     День Конституции и Государственного флага Туркменистана – знаменательная дата в нашей национальной истории. Она символизирует основополагающие  принципы  государства – независимость и постоянный нейтралитет, мир и единство, демократию и верховенство закона.

 

     Конституция Туркменистана была принята 18 мая 1992 года. В разные периоды в неё были внесены изменения и дополнения, обусловленные социально-экономическим, общественно-политическим и историческим развитием нашего государства и общества. Значение Конституции состоит в том, что она закрепляет основы конституционного 

строя Туркменистана, права, свободы и обязанности человека и гражданина, принципиальные направления деятельности органов государственной власти и местного самоуправления, а также определяет избирательную, экономическую и финансово-кредитную системы страны, отражает традиции и обычаи туркмен, общечеловеческие ценности. 

     Как Основной Закон Конституция является правовой основой системы национального законодательства и наделена высшей юридической силой. Это означает, что она обладает верховенством, и другие законы и правовые акты должны соответствовать её нормам. Конституционные нормы имеют учредительное, организационное и правоохранительное воздействие на общественные отношения. 

     Конституционные права и свободы – это основные и фундаментальные права и свободы человека. Следует отметить, что Туркменистан является участником многих универсальных международных договоров в области прав человека, в том числе Международного пакта о гражданских и политических правах, Международного пакта об экономических, социальных и культурных правах, Международной конвенции против всех форм расовой дискриминации, Конвенции о правах ребёнка, Конвенции о правах инвалидов, Конвенции о борьбе с дискриминацией в области образования, Конвенции о политических правах женщин, Конвенции о ликвидации всех форм дискриминации в отношении женщин, Конвенции о статусе 

беженцев и других. Статья 4 Основного Закона гласит, что 

в Туркменистане наивысшей ценностью общества и государства является человек. Защита, поддержка человека и служение ему являются главными задачами органов государственной власти. Государственная власть в Туркменистане является выразителем идеи общественного согласия и единения, призвана представлять и защищать взгляды и интересы различных слоёв гражданского общества.

     Уважаемый Президент Сердар Бердымухамедов на церемонии инаугурации в своём выступлении особо подчеркнул: «Моей главной обязанностью станет защита прав граждан, гарантированных Конституцией нашего государства». 

     Основываясь на Конституции и общепризнанных нормах международного права, в стране под руководством уважаемого Аркадаглы Героя Сердара обеспечиваются политические, экономические, правовые и организационные условия, необходимые для полной реализации прав и свобод человека, свободного и всестороннего развития личности. 

     В целях укрепления государственной системы гарантирования, обеспечения и защиты прав и свобод человека, выполнения международных обязательств страны в области прав человека, а также системного проведения соответствующей работы по активизации сотрудничества с международными организациями в гуманитарной сфере в стране успешно реализуется «Национальный план действий в области прав человека в Туркменистане на 2021–2025 годы». Этот документ представляет консолидированную программу, предусматривающую конкретные шаги по совершенствованию законодательства и правоприменительной практики, национальной системы защиты прав человека, а также по улучшению осведомлённости населения о правах человека и механизмах их защиты. Претворение в жизнь Национального плана позволит Туркменистану достичь новых успехов в укреплении государственных и общественных механизмов защиты прав человека, дальнейшем развитии гражданского общества на уровне общепризнанных международных стандартов. 

     В течение славного исторического прошлого наш народ с огромным уважением относился к своим главным государственным символам. Эти традиции и духовно нравственные принципы предков находят своё достойное продолжение. В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства зелёный стяг Отчизны олицетворяет собой единство и сплочённость нашего народа, исторический путь предков, суверенитет и миролюбие современного Туркменского государства и духовный мир туркмен. Будучи главным символом независимости государства, Флаг Туркменистана гордо реет на флагштоке у штаб-квартиры ООН. Конституция и Государственный флаг Туркменистана – главные священные символы, олицетворяющие патриотизм, дружбу, сплочённость, успехи, достижения и единство народа, стремление страны к миру через устойчивое развитие.

 

 

Дженнет Овекова,

депутат Меджлиса Туркменистана, 

член Комитета Меджлиса Туркменистана 

по законодательству и его нормам.

 

20.05.2025 Giňişleýin

BELENT MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR

 

     Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi berilýär.Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler we degişli kanunçylyk binýady milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün

etmäge ýardam edýär. Eziz Diýarymyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara forumlardyr maslahatlar bolsa ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolýar. 

     Içerki bazary ýokary hilli we ekologik taýdan arassa önümler bilen üpjün etmekde hem­de ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir. Döwletimiz häzirki döwürde telekeçiligi ösdürmek üçin zerur bolan kanunçylyk binýadyny berkidýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda milli ykdysadyýetimizi häzirki zaman bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek bellenilýär. Esasy Kanunymyzyň degişli bölüminde ykdysadyýetiň  bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy hakynda kadalar kesgitlenilýär hem­de döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi nygtalýar. 

     Tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna, kuwwatly senagat düzümlerine eýe bolan, geografik taýdan amatly ýerleşýän hemişelik Bitarap Türkmenistan öz mümkinçiliklerine esaslanyp, bütin adamzadyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda tagallalary birleşdirmäge ymtylýar. Şu ýylyň 19­njy martynda ýurdumyzda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara­ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara forumda Gahryman Arkadagymyzyň hem­de 4­nji aprelde Özbegistanyň Samarkant şäherinde guralan «Merkezi Aziýa­Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitde hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleri bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. 

     Oýlanyşykly alnyp barylýan daşary ykdysady syýasat  Bitarap Watanymyzyň durnukly ösüşiniň derwaýys ugry bolup durýar. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek bilen, halkara söwda, maýa goýum we tehnologik işlere işjeň gatnaşýar. Yzygiderli esasda geçirilýän halkara forumlar özara tejribe alyşmakda we hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini kesgitläp, asylly maksatlara ýetmekde möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Dünýä döwletleriniň, halkara maliýe düzümleriniň, abraýly kompaniýalaryň wekilleriniň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalara uly gyzyklanma bildirmegi milli ykdysadyýetimiziň ösüşleriniň, ýurdumyzyň ýeten sepgitleriniň bütin dünýäde ykrar edilýändigini tassyklaýar. Dost­doganlyk we hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň  Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler 

baradaky komitetiniň agzasy.

19.05.2025 Giňişleýin

MILLI JEBISLIGIŇ MIZEMEZ GÜWÄSI

 

     Her ýylyň 18-nji maýynda uly baýramyň­Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň giňden we dabaraly bellenip geçilmegi aýratyn ähmiýete eýe. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30­ýyllygy halkara derejede bellenilýän 2025-nji ýylda bu şanly sene has üýtgeşik taryhy öwüşgine eýe bolýar. Konstitusiýada we baýdakda milletimiziň mertebesi, sarpasy, buýsanjy, döwletimiziň kuwwaty, taryhy, şu güni hem-de geljegi şöhlelenýär. Olarda şöhratly ata-babalarymyzyň özbaşdak, erkin we abadan döwlet gurmak baradaky arzuwlary, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşy jemlenýär. Biz Esasy Kanunymyzyň we mukaddes baýdagymyzyň ähli halk baýramyny bellemek bilen, ata-babalarymyzyň paýhasly wesýetlerine öz hormatymyzy beýan edýäris. Ol wesýetler, ilkinji nobatda, ata Watanymyzy söýmekden, oňa wepaly gulluk etmekden we parahat, agzybir ýaşamakdan ybaratdyr.

 

    Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň mukaddes gymmatlyklarynyň biri bolan Konstitusiýamyzyň ähmiýeti barada: «Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň hem-de berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar» diýip, jaýdar belleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bolsa: «Adyllygyň, halallygyň, ynsanperwerligiň güwäsi bolan Oguz begleriniň tuglary, Seljuk soltanlarynyň sanjaklary türkmen halkynyň döwlet nyşanlaryny döreden dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolandygyna şaýatlyk edýär» diýmek bilen, Döwlet baýdagymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyny nygtaýar. Munuň özi döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň binýadyna öwrülen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň döwrümiziň ýokary döredijilik ruhuny, milli döwletlilik ýörelgelerimizi şöhlelendirýändigini, ýurdumyzyň okgunly ösüşini, nesilleriň taryhy arabaglanyşygyny alamatlandyrýandygyny görkezýär. 

     Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmagy maksat edinip, her bir adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetde raýatlyk asudalygyny, milli agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny, dünýäde dost-doganlygy, halkara parahatçylygy berkarar etmäge gönükdirilen esasy kanun bolup hyzmat edýär.

     Häzirki zaman syýasy-jemgyýetçilik gatnaşyklarynda döwletleriň we halklaryň gadymy taryhyndan hem-de ýörelgelerinden ruhlanyp döredilen milli nyşanlara aýratyn orun degişlidir. Özüniň baý geçmişi, ynsanperwerlige ýugrulan parahatçylyk söýüjilikli içeri hem-de daşary syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan döwletimiziň şöhratly taryhymyzy alamatlandyrýan nyşanlarynyň degişli hukuk kadalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilendigi bellärliklidir. 

Esasy Kanunymyzyň 22-nji maddasynda beýan edilişi ýaly: «Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr. Döwlet nyşanlarynyň ýazgysy we olary peýdalanmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär». Döwlet nyşanlaryny ulanmak we olara sarpa 

goýmak halkara hukuk kadalarynda hem tertipleşdirilýär. Konsullyk gatnaşyklary hakynda 1963-nji ýylda kabul edilen Wena Konwensiýasynyň 29-njy maddasynyň 1-nji we 2-nji bentlerinde milli baýdagy we tugrany germek hem-de asmak babatynda akkreditleýän ýurduň we konsullyk edarasynyň ýerleşýän ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar düzgünleşdirilýär. Diplomatik gatnaşyklar hakyndaky 1961-nji ýylyň Wena Konwensiýasynyň 20-nji maddasynda akkreditleýän döwletiň milli baýdagyny ilçihananyň bolýan ýurdunda ulanmak meselesi düzgünleşdirilýär. Şundan görnüşi ýaly, milli hem-de halkara hukuk kadalarynda beýanyny tapýan döwlet baýdagy halklaryň birek-birege bolan hormatynyň, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarynyň hem esasynda durýar. 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Döwlet baýdagymyzyň ähmiýetini, syýasy, medeni gymmatyny hem-de onuň mukaddesligini ýaş nesillere düşündirmek wajyp wezipeleriň biridir. Baýdak Zeminde millet hökmünde tanalmagymyzy şertlendirýän milli buýsanjymyzdyr, mertebämizdir. Bütin dünýäde belentde we buýsançly parlaýan türkmen baýdagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyny äşgär edýär. Baýdagyň belentligi ýurduň belentligidir. Oňa söýgimiz Watana söýgimizdir. Ol türkmen halkynyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky amala aşan iň beýik arzuwynyň nyşanydyr. 

     Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň şanyna tutulýan toýlar halkymyzyň gadymyýetden biziň günlerimize çenli gelip ýeten asylly däpleriniň, milli ýörelgeleriniň dowamatydyr. Toýlary goşa-goşadan tutulýan türkmen halkynyň ýokary döredijilik ruhy, milli döwletlilik ýörelgeleri bu baýramçylykda mynasyp beýanyny tapýar. Konstitusiýa biziň milli döwletliligimiziň, jemgyýetçilik gatnaşyklarymyzyň beýany bolsa, baýdak halkymyzyň tutuş dünýäde ykrar edilmeginiň aýdyň güwäsidir. Baýdak milli buýsançdyr. Baýdak dowamatdyr. Baýdak ygrarlylykdyr. Baýdak mertebedir. Bu iki gymmatlyk halkymyzyň bir bitewi gymmatlyga, ýagny agzybirlige eýermeginiň gözbaşy hökmünde çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, agzybir halkymyzyň halal hem yhlasly zähmeti bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň barha rowaçlanýandygyna şaýat bolýarys. Mälim bolşy ýaly, agzybirlik, jebislik we bitewülik ýörelgesi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

     Täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň Konstitusiýasy berkarar döwletimiziň mizemez ýörelgeleri bolan Garaşsyzlygy, Bitaraplygy, milli jebisligi we demokratiýany özünde jemläp, ýurduň hem-de halkyň hemmetaraplaýyn ösüşlerini şertlendirdi. Başymyzyň täjine, gözümiziň görejine deňelýän ýaşyl baýdagymyz beýikligiň we mukaddesligiň täze derejesine göterildi. Milletimiziň kalby deý nurana, tebigatymyz kimin owadan Döwlet baýdagymyzyň bu gün halklary dostluga, hoşniýetlilige çagyrýandygy biziň her birimizi buýsandyrýar. Ol 

watançylyk terbiýesiniň hem aýrylmaz bölegi bolup, Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň mukaddes gymmatlyklardygyny dabaralandyrýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, welaýat merkezlerindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky belent sütünli Baýdak meýdançalary aýdyň maksatlara tarap barýan ýolda halkymyzy mäkäm jebisleşdirmek bilen, buýsanç çeşmesi bolup çykyş edýär.

     Bu günki günde tugumyzyň halkara giňişlikde belentden parlamagy ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň nyşanydyr. Nesilleriň oňa bolan söýgüsi, Watana, ýurda, halka bolan söýgüsiniň hem aňlatmasydyr. Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegi möhüm wakadyr. Ýeri gelende aýtsak, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi döwlet Baştutanymyzyň täzeçil başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. Munuň özi Garaşsyz Watanymyza, Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza buýsanmak üçin hem ýene-de bir uly esasdyr. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy halkara derejede bellenilýän 2025-nji ýylda bu şanly sene bütin dünýäde parahatçylygy döretmäge çagyrýan berkarar döwletimiziň döwletlilik binýadynyň baýramydyr. 

     Goý, biziň Döwlet baýdagymyz hemişe üstünliklerimize, rowaçlyklarymyza ýaran bolup, buýsançly parlasyn! Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni gutly bolsun!

 

Gahryman ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

Başlygynyň orunbasary.

17.05.2025 Giňişleýin

BAKY JEBISLIGIŇ MIZEMEZLIGI

 

     Döwlet Garaşsyzlygymyzy, mähriban halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, ynsanperwerlik ýörelgelerimize ygrarlylygy alamatlandyrýan milli buýsanjymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ýurdumyzyň uludan-kiçi ähli raýatlarynyň kalbynda hoşallyk hem buýsanç duýgularyny artdyrýar. Çünki Esasy  Kanunymyz  döwletimiziň beýik gazananlarynyň sarsmaz hukuk binýady, ýaşyl Baýdagymyz al-asmanda buýsanç bilen pasyrdap, ýurdumyzyň hem halkymyzyň bedew batly ösüşlerini, döredijilik güýjüni, tutuş dünýä ýaýýan gymmatlykdyr.

 

     Täze taryhy döwrümiziň baý mazmunly şygara beslenen şu ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý senesiniň giňden dabaralandyrylýan günlerine barylýan pursatlarda bellenilýän her bir şanly senäniň özboluşly ähmiýeti bar. Bu Esasy Kanunymyzyň hem-de ýaşyl Tugumyzyň baýramy babatda hem hut şeýle. Çünki Konstitusiýamyzda dünýä derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz kanun esasynda berkidilendir. Döwlet berkararlygynyň hem baky bagtyýarlygynyň mizemez jebisligini açyp görkezýän bu goşa mukaddesligiň şanly toýy ýurdumyzda häzirki wagtda döwlet hem halkara derejesinde geçirilýän çäreler bilen utgaşyp, has gymmatly häsiýete eýe bolýar. 

     Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän umumadamzat bähbitli işlerde Esasy Kanunymyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň mukaddesligi, mertebesi has-da belende galýar. Halkymyzyň baky jebisliginiň hem-de agzybirliginiň aýdyň şöhlelenmesi hökmünde gözel paýtagtymyzda Konstitusiýa binasynyň gurulmagy, welaýat merkezlerinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda belent sütünli baýdak meýdançalarynyň döredilmegi halkymyzyň milli gymmatlyklaryna sarpasynyň ebedidigini doly açyp görkezýär. 

     Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň esasynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň ählisi döwlet berkararlygymyzyň berkligini, milli buýsanjymyzyň, döredijilik güýjümiziň, ynsanperwer ýörelgelerimiziň mizemezligini esaslandyryp, täze başlangyçlara we tutumly işlere şamçyrag bolýar. Bu hem goşa mukaddesligimiziň mazmunynda berk binýat tapýan asylly maksatlaryň myrada ýetmegine uly itergi berýär. 

     Halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň, mizemez jebisliginiň, abadan durmuşynyň, ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň başynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, ýeneki tutumlary rowaçlyklardan rowaçlyklara beslensin!

 

Gurbangylyç DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

deputaty.

15.05.2025 Giňişleýin

BITARAPLYGYŇ RÖWŞEN GADAMLARY

                                                         

     Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň indi üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi täze taryhy döwrümiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakasyna öwrüldi. Bu döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň miwesi bolup, halkara giňişliginde ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça edilýän tagallalaryň dünýäde gyzgyn goldanylýandygyny hem-de türkmen diplomatiýasynyň üstünliklerini aýdyň görkezýär. 

     Türkmenistan özüniň Bitaraplygyny kanun esasynda berkiden ilkinji döwletdir. Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasynda şeýle beýan edilýär: «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir». 

    Ykdysady kuwwaty barha artýan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, döwletimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, şeýle hem birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmäge uly ýardam edýär. Bitarap Türkmenistan sebit döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha ösdürýär we giňeldýär. Ýurdumyz dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan BMG we onuň düzüm birlikleri bilen gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynda öz üstüne alan ähli borçnamalaryny, goşulan konwensiýalaryny, durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde öňde goýlan wezipeleri yzygider we üstünlikli ýerine ýetirip gelýär. 

     Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik häsiýetli daşary syýasatynyň netijesinde tutuş dünýäde adamzadyň abadançylygyna, döwletleriň asudalygyna, howpsuzlygyň berkidilmegine, durnukly ösüşiň rowaçlandyrylmagyna, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Olar ýurdumyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili», «Açyk gapylar» ýaly ynasanperwer ýörelgeleriniň esasynda amala aşyrylýar. 

     Soňky ýyllarda milli parlamentiň işi hem döwrelaýyk kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky yzygider goldawlarynyň netijesinde sebitdäki birnäçe döwletler bilen parlamentara gatnaşyklar, hyzmatdaşlyklar çuňlaşdyrylýar, dostluk toparlary döredilip, özara tejribe alyşmak arkaly parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň, Koreýa Respublikasynyň Wekiller Palatasynyň, Türkiýe döwletiniň Beýik Millet Mejlisiniň arasynda ikitaraplaýyn dostluk toparlary döredildi. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigini, bu babatdaky wezipelere uly ähmiýet berýändigini açyp görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 

saýasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan şu taryhy ýyly uly şöhrata beslensin!

 

Jeren GYLYÇMYRADOWA,

Türkmenistanyň  Prezidentiniň ýanyndaky 

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi,

Mejlisiň deputaty.

15.05.2025 Giňişleýin

Taryhymyzyň tarypyny ýetirýän ajaýyp kitap

 

     Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasyndan dörän «Hakyda göwheri» atly kitaby durşy bilen türkmençilik häsiýetlerine, milli ruhyýete ýugrulan eserdir. Kitabyň mazmunyny tirmek bilen, her bir halkyň taryhy bilen tanalyp, taryhy bilen şöhratlanýandygy baradaky hakykata göz ýetirmek bolýar. Kitapda halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhy yzarlanýar. Oguz kowumynyň binýat eden hem-de şu günki güne gelip ýetmegini gazanan ajaýyp durmuş pelsepeleri, däp-dessurlary, ýörelgeleri, öňe süren taglymatlary barada täsirli gürrüňler çeper beýan edilýär. Kitabyň ilkinji sahypasynda: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýip bellemek bilen, Milli Liderimiz halkyň ruhy baýlygynyň hem-de milli buýsanjynyň taryh bilen aýrylmaz bitewülikdigine ünsi çekýär. Dünýä medeniýetiniň ösüşine özboluşly goşant goşan halkymyzyň gadymy medeni ojaklary, döwlet gurmakdaky, ýaşaýşy dolandyrmakdaky gazanan tejribeleri baradaky gürrüňler taryha daýanýan düýpli maglumatlaryň we tymsallaryň üsti bilen beýan edilýär. Bu kitaby okan her bir ynsan taryha gaýybana syýahat edýär. 

     Kitapda türkmençilik ýörelgelerini beýan etmegiň çäginde Gahryman Arkadagymyz zenany sylamak, hormatlamak, olaryň zähmetine ähmiýet bermek ýaly asylly işleriň gadymy döwürlerden gelip ýeten milli häsiýetdigine ünsi çekýär. Milli gymmatlyklaryň arasynda türkmen zenanynyň yhlasyndan dörän sungat eserleri barada hem söz açýar. Bütindünýä mirasynda görnükli orun alan türkmen halyçylyk sungatynyň özboluşly gymmatlykdygy barada şeýle çuň pikirlerini beýan edýär: «Ynsanyň gözellige bolan söýgüsini, duýgularynyň erkinligini halydan başga şeýle beýan edip biljek sungat ýokdur. Onuňam öz düşündirişli sözlügi ýok. Mundaky ähli tilsimlere özüň ýürek bilen duýup, aň ýetirmeli». Gahryman Arkadagymyzyň zenanyň döreden şeýle kämil eserine ýokary baha bermegi, ony öz kitabynda inçelik bilen beýan etmegi türkmen zenanynyň mertebesini hem-de onuň zähmetiniň derejesini has-da beýgeldýär.

      Gahryman Arkadagymyz kitabyň «Hazyna eýesine hazynadar diýerler...» diýen bölüminde «baýlyk» sözüne özboluşly düşünje bermek bilen, «Baýlyk — düýnüňi unutmazlykdadyr diýesim gelýär» diýýär. Hakykatdanam, düýnümiz biziň şu günümiz üçin gazanylan tejribelerden, geçilen menzillerden, şöhratly ýollardan, şu topragyň goýnunda kemala gelen beýik şahsyýetlerimizden hem-de bize miras galdyrylan ýörelgelerden ybaratdyr. Bular bolsa biziň hem barlygymyz, hem baýlygymyzdyr. Şeýle baýlygyň mirasdüşer nesli hökmünde biz öz taryhymyza, taryhy şahsyýetlerimize buýsanmaga haklydyrys. Biziň kalbymyzda şeýle buýsanç duýgusyny kemala getirýän, ajaýyp eserleri bilen bize görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly kitaplarynyň höwri köp bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun!

 

Şemşat Mämiýewa,

Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçe 

hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

15.05.2025 Giňişleýin

Baky bagtyň binýady

 

     Eziz Diýarymyzda belent ruhubelentlik bilen giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ýurdumyzy täze taryhy ösüşlere alyp barýan beýik ýörelgeleriň baýramydyr. Bu şanly seneler halkymyzyň agzybirliginiň, döwlet gurluşymyzyň mizemezliginiň, döwletli Diýarymyzyň dünýäde eýeleýän mertebesiniň aýdyň nyşanydyr.

 

     Türkmenistanyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyz — halkymyzyň erkinliginiň, mertebesiniň we hukuklarynyň kepilidir. Ol Garaşsyz döwletimiziň esasyny düzýän binýatlaýyn ýörelgeleri özünde jemläp, halk häkimiýetiniň dabaralanmagynyň konstitusion sütüni bolup çykyş edýär.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek, döwrüň talabyna laýyk kanunlary işläp düzmek we kämilleşdirmek Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde duran möhüm wezipelerdir. 

     2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň düýp manysyny hem aýdyň görkezýär. Türkmenistan halkara derejesinde parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde çykyş edip, içerki syýasatynda hem kanunyň ýokarylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle-de bu ýyl ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýan döwrüne gabat gelýär. 

     Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi tarapyndan soňky döwürde kabul edilen täze kanunçylyk namalary we olara girizilen üýtgetmeler jemgyýetimiziň ösüşini üpjün etmäge, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklary has-da demokratik esasda guramaga gönükdirilendir. Hususan-da, täze konstitusion kadalaryň durmuşa geçirilmegi bilen adalatlylyk, deňlik we jemgyýetçilik jogapkärçiligi ýaly gymmatlyklar döwlet gurluşynyň binýatlaýyn esasyna öwrülýär. 

     Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bolsa halkymyzyň gahrymançylykly taryhynyň, şöhratly geçmişiniň, merdanalygynyň we ösüşlere bolan ynamynyň nyşanydyr. Bu baýram biziň üçin diňe bir döwlet nyşanlarynyň hormatlanýan güni bolman, eýsem, ata Watanymyza bolan söýginiň, halkymyz bilen döwletimiziň bitewüliginiň dabaralanmasydyr. 

     Ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, konstitusion ösüş ýolunda ynamly öňe gitmek biziň ähli agzybir tagallamyz bilen amala aşyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde durnuklylygyň we ynanyşmagyň ýurdy hökmünde tanalýar. Bu bolsa ýurdumyzyň öňünde täze mümkinçilikleri açýar, halkymyza asuda we abadan durmuşda ýaşamak üçin berk binýat döredýär.

 

 

Gadam HEMRAÝEW,

welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

15.05.2025 Giňişleýin

В ОСНОВЕ УСПЕХОВ – ВДОХНОВЕННЫЙ ТРУД

 

     Во Дворце культуры имени Мяликгулы Бердымухамедова села Ызгант Геоктепинского этрапа Ахалского велаята состоялась праздничная торжественная конференция, посвящённая Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В ней приняли участие депутаты Меджлиса, представители хякимлика велаята и этрапов, политических партий и общественных организаций, умудрённые жизнью яшули и молодёжь. Встреча прошла в атмосфере всеобщего патриотического подъёма, проявляемого туркменистанцами в Международный год мира и доверия.

 

     В своих выступлениях участники конференции отмечали, что государственная политика Президента Сердара Бердымухамедова стала основой развития общества и государства в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства. Было приведено немало ярких примеров достижений независимого нейтрального Туркменистана и политики Аркадаглы Героя Сердара по обеспечению благосостояния туркменистанцев. Докладчики раскрыли роль и значение дня Конституции и Государственного флага Туркменистана в развитии страны, подчеркнули, что Конституция как правовая основа содействует упрочению устойчивости и согласия в туркменском обществе, а нейтралитет – развитию взаимовыгодного партнёрства с другими странами. Нейтральный статус нашего государства имеет огромное значение в деле поддержания мира и безопасности. Международная значимость этого уникального статуса нашей Отчизны подтверждается и принятием на 69-й сессии Генеральной Ассамблеи ООН Резолюции «Постоянный нейтралитет Туркменистана» в очередной раз. 

     Надолго запомнится участникам конференции выступление Почётного старейшины народа Туркменистана Гурбангельды Айлиева. Он – член Совета старейшин при благотворительном фонде по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям имени Гурбангулы Бердымухамедова, его слушали с особым вниманием. Он высоко оценил значение Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана в становлении и развитии туркменского общества и независимого государства.

    – Нам любое дело по плечу, потому что мы, воодушевлённые достигнутыми успехами, всего добиваемся своим вдохновенным трудом, - отметил он. - Этому мы учимся у Президента Сердара Бердымухамедова и Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага, для которых духовное возрождение нации в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства стало главной целью. 

     Эмоциональное выступление жительницы города Геоктепе Аннашекер Нурмаммедовой, награждённой орденом Туркменистана «Zenan kalby», с интересом выслушали участники мероприятия. 

   – Весь туркменский народ с большим воодушевлением встречает всенародный праздник День Конституции и Государственного флага Туркменистана, – сказала она. – Эта знаменательная дата олицетворяет единство и целостность нации, отражает её представление о демократическом правовом и светском государстве, справедливом гражданском обществе. 

     Участники конференции в своих выступлениях и в личных беседах отмечали, что государственная политика, начатая Национальным Лидером туркменского народа, Председателем Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедовым и успешно осуществляемая Президентом Сердаром Бердымухамедовым, стала основой развития Туркменского государства в новую историческую эпоху.

 

Ресул Ишангулыев,

депутат Меджлиса Туркменистана, 

председатель Ахалского велаятского 

комитета Демократической партии 

Туркменистана.

15.05.2025 Giňişleýin
1 2 3 4 5 6 7 ... 81
OSZAR »